- arman
- 1[arma:n]1) Ýetilmedik maksat, dumuşa geçmedik arzuw.∙ Aýsoltan bile goşuny birikdirip bilse, Begenjiň dünýäde armany ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)2) Ökünç, duşman, önke, kine.∙ Süýthorlaryň arman galdy janynda. Armanym köp öňki öten wagtyma, Başym aýlap, şikes berdi bagtyma. (Mollamurt, Saýlanan eserler)∙ Jellatlar tapmasyn derdine derman, Ýüreginde galsyn dag bilen arman. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)∙ Bürgüt penjesinde, hazan ýelinde, Arman galdy gözel dagyň gülünde. (N. Pomma, Saýlanan eserler)◊ arman çekmek — Ahmyr çekmek, gaty gynanmak, ökünmek.2[arma:n]Şowsuzlyga uçralanda edilýän ökünji bildirýän «wah, biderek, nähak» ýaly manylarda gelýän ümlük.∙ Ýüz elli ýyl boldy doglanyň bäri, Arman, sen görmediň oňat zamany. (N. Pomma, Saýlanan eserler)∙ Gaty gowy maşgala, arman, saçy inçejik ekeni. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Ine, arman, tanyşmanyňyz bolmandyr -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Arman, elimden sypaýdy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.